«Meta» uly möçberde jerime salyndy

24 Dekabr 2023
695

Italiýanyň kommunikasiýa ulgamy boýunça kepillik müdirligi (Agcom) «Meta Platforms Ireland Limited» kompaniýasyna humarly oýunlary mahabatlandyrmak kanunyny bozandygy üçin, 5,9 million ýewro jerime saldy. Bu barada Italiýanyň kommunikasiýa ulgamy boýunça kepillik müdirliginiň saýty habar berdi.

Habar berlişine görä, derňewiň dowamynda humarly oýunlaryny we gytaklaýyn pul utuşlaryny mahabat edýän «Facebook» we «Instagram» profilleriniň 18 sanysy ýüze çykarylypdyr.

Taýýarlan: Azat NEDIROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.