Täze “L4S” aragatnaşyk standarty internet bökdençlikleriniň derejesini peselder

14 Dekabr 2023
887

“L4S” atly aragatnaşyk ölçegi ýokary ulanyşdaky aragatnaşyk torunda ulanyş trafigi ölçeýän we sazlaýan hyzmatlary goşmak arkaly ulgamdaky nobaty azaltmagy maksat edinýär. Netijede, sahypa ýükleniş tizligi we durnuklylygy hem-de wideoşekillere tomaşa etmek mümkinçilikleri ýokarlanar.

Täze ölçegi goldaýan ulgamlaýyn düzüm berilýän trafigi çalt we dogry bermäge şert döreder. Adatça, internetden zat ýüklenende döreýän bökdençliklerde ugradylýan paketler düzümiň ýörite buferinde saklanýar. Bu paket “L4S” aragatnaşyk ölçegli enjamyň buferine düşende, ol ýüklenýän hökmünde bellige alynýar. Munuň üçin berilýän trafigi ulanyşa görä sazlamak üçin az wagt sarp edilýär. Bu bolsa, aragatnaşyk ulgamynda döreýän bökdençlikleri aradan aýyrmaga şert döredýär.