Türkmenistan ikinji milli emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär

20 Dekabr 2023
862

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahatynda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen ikinji milli emeli hemrany uçurmak ädimini Türkmenistanyň öň­ünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezdi.

Batyr Annaýew sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly global söwdany we baglanyşyklary özgertmäge bagyşlanan mejlisde eden çykyşynda ýurduň innowasion-tehnologik, ulag-logistik infrastrukturany güýçlendirmegi, bank çözgütlerini integrasiýalaşdyrmagy wajyp wezipe hökmünde görýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi duşenbe güni habar berdi.