Emeli aň

2 Ýanwar 2024
647

Britan bilermenleri 2023-nji ýylyň sözüniň «Emeli aň» (EA) diýen sözdügini yglan etdiler. Ýylyň sözi meşhur iňlis diliniň sözlügini düzüjiler tarapyndan hödürlenildi. Olar «Emeli aň» sözüni «adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagy» hökmünde düşündirdiler. Hünärmenler EA tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini we 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan mowzukdygyny belleýärler. Soňky aýlarda bu adalgany dört esse köp ulanyp başlapdyrlar. Reýtingi düzüjiler emeli aňyň üns merkezinde bolandygyny belleýärler. Ol, mysal üçin, elektron poçta ýaly, gündelik durmuşa barha çalt ornaşýar.

Emeli aň — döredijilik işini kompýuter algoritmlerine ynanylmaga mümkinçilik berýän tehnologiýadyr. Emeli aňyň kömegi bilen, uly möçberdäki maglumatlary seljermek, tekstleri, şekilleri, aýdym-sazlary we wideoşekilleri öndürmek mümkin. Emeli aň köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işläp, takyklygy kesgitläp, maglumatlary kesgitläp we jogaplary berip biler. Şeýle hem, onuň kömegi bilen, lukmançylyk anyklaýyş we iş-söwda derňewi ýaly dürli ugurlardaky meseleleri çözmek bolar. Kärhanalar amallary has netijeli etmek ýa-da zähmet çykdajylaryny tygşytlamak üçin emeli aňy ulanyp bilerler.

Muhammetmerdan ESENOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.