«Mercedes-Benz E-Class» oktýabr aýynda «biznes klas» kysymly görnüşleriň arasynda iň köp satylan awtoulag boldy

11 Dekabr 2023
759

«Focus2move» portalynyň yglan eden hasabatynda laýyklykda, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda «Mercedes-Benz E-Class» dünýäde «biznes klas» kysymly görnüşleriň arasynda iň köp satylan awtoulag boldy.

Çeşmäniň habar bermegine görä, oktýabr aýynda «Mercedes-Benz E-Class» kysymly awtoulaglaryň 233 müň 10 sanysy satylypdyr. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,3 göterim ýokarydyr. Sanawda ikinji orny 215 müň 575 sanysy satylan «BMW 5-Series» eýeledi. «BMW 5-Series» kysymly awtoulaglaryň satuwy oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,7 göterim azalypdyr. Sanawyň ilkinji üçlügini bolsa satuwy geçen ýylyň oktýabr aýyndaka garanyňda, 36,4 göterim peselip, 204 müň 857-ä deň bolan «Audi A6» eýeledi.

Taýýarlan: Resul Geldimämmedow,
Türkmenistanyň telekominikasiýalar we informatika institutynyň talyby.