Tehnologiýalar dünýäsine syýahat: Aşgabatda DevFest 23 geçirildi

4 Ýanwar 2024
532

Ýakynda Aşgabatda DevFest 23 maslahaty geçirildi. Bu çärä programmirlemegi öwrenmek isleýänler, tejribeli işläp taýýarlamajylar hem-de IT ulgamy bilen gyzyklanýan ýönekeý adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy. 

Paýtagtymyzyň mekdepleriniň birinde bu çäräniň dabaraly açylyşy boldy. Giriş sözi bilen Google-yň (Google Developer Group, GDG) Işläp taýýarlamajylar toparynyň Aşgabatdaky guramaçylary Saparguly Mahtumow we Mährijemal Gylyjowa çykyş etdiler.