Innowasion tehnologiýalara daýanyp

11 Dekabr 2023
781

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol maksat esasynda eziz Diýarymyzda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan geçirilen degişli işleriň netijesinde Tagtabazar — 1 gaz känindäki guýularyň birinden senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy ýüze çykaryldy. Şonuň ýaly-da, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji belgili guýuda gazuw işleri ýerine ýetirilip, tebigy gaz akymy alyndy. Şeýle hem Uzynada käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir günde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan guýularyň üçüsinden gaz kondensat akymy alyndy. Uzynada käninde geçirilen gazuw işleriniň netijesi Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň öz oňyn beýanyny tapýandygynyň güwäsidir.

Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri eksport ediji ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, eksportyň harytlar düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işe gatnaşmagynyň häsiýetini-de hil taýdan özgertdi. Häzirki wagtda durnukly ösüşiň ählumumy meýilleri, hususan-da, ekologik meseleler Gün tertibinde ilkinji orna çykarylýar. Şonuň üçin hem energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik ölçegleriň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin täze maýa goýumlaryny çekmek, ekologik taýdan arassa önümleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlardyr.

Allanur TÖRÄÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň 2-nji derejeli inženeri.