Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň esasydyr

28 Dekabr 2023
533

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Milli bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwrebap ösüşleri gazanmakda bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn ösen nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur şertleriň döredilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan usullar we tehnologiýalar bilimde has ähmiýetli orny eýeleýär. Giň gerimli ösüş strategiýasynyň netijesinde innowasion sanly ykdysadyýet kemala getirilýär. Sanlylaşdyrmak bu ulgamyň innowasion ösüş usullaryny, tehnologiýalaryny, gurallaryny kämilleşdirmek bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilimiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Bu işde, ilki bilen, ýurdumyzy ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmyndaky gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar we tejribeler ýurdumyzda önümçilige, bilime giňden ornaşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan nusga döredýär. Ylmy işler bilen bagly önümçiligiň üstünlikleri, durmuş ösüşi köp babatda milli bilim ulgamynyň hil häsiýetnamalary bilen kesgitlenýär. Ilatyň bilim hem-de sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak, ösen tehnologiýalara esaslanan önümçilikleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.