Aý­dyň mak­sat­lar — be­lent sep­git­le­re

15 Dekabr 2023
824

Häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamy bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki asyrymyz innowasion tehnologiýalaryň asyry, ýokary tizlikli ösüşiň eýýamy hasaplanýar. Çünki häzirki döwri internetsiz, innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Innowasion tehnologiýalaryň okgunly ösýän döwründe, dünýä ýurtlarynyň dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýän zamanasynda biziň ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmäge, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Olary ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň sanly ukyp-başarnyklaryny kemala getirmek ugrunda amala aşyrylýan işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem-de maglumat jemgyýetini emele getirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda: «Biz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris» diýip, örän jaýdar belleýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu babatdaky netijeli işlere badalga boldy. Bu wajyp Konsepsiýa ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýollaryny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan etmek bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Elbetde, tehnologiýanyň örän çalt depginde ösýän döwri önümçilige giňden ornaşdyrylýan kämil tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş hünärmenleriň zerurlygyny hem ýüze çykarýar. Ýaşlar ýurduň geljekki eýeleri, jemgyýeti ösdürýän, hereketlendiriji güýji. Maksada okgunly, gujurly, gaýratly, hyjuwly ýaşlar her bir işe örän yhlasly hem höwes bilen ýapyşýarlar. Olar döwrüň iň bir kämil tehnologiýalaryny özleşdirmäge, innowasion özgertmelere aň ýetirmäge has höwesli. Sanly ulgam, internet arkaly dünýädäki dürli täzelikler bilen yzygiderli tanşyp durýan ýaşlarymyzyň arasynda täze açyşlary etmäge hem höwesekleri örän kän. Ýurdumyzda şeýle ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, olaryň sanly ulgam baradaky düşünjelerini çuňlaşdyrmaga we höweslerini has-da artdyrmaga giň mümkinçilik döredilýär.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.