"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Intel awtoulaglar üçin emeli intellekt çiplerini öndürýär

Dünýäde iň iri elektron enjamlaryny we kompýuter komponentlerini öndüriji Intel emeli intellekt tehnologiýalaryny awtoulaglarda ulanmaga mümkinçilik berýän çipleri çykarmaga başlandygyny habar berdi. Bu çipleri ilkinji satyn alyjy Zeekr hytaý awtoulag kompaniýasy bolar.

Sanly ulgam — ösüşleriň kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, täze tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede ornaşdyrylmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem uly ýardam berýär. Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlar jemgyýetiň mundan beýläk-de ösmegini, ýurduň döwrebaplaşmagyny dowam edýän hakyky jemgyýetçilik güýjüne öwrülýär. Bularyň hemmesi, ýaşlaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň üpjün edilmegine, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde juda jogapkärçilikli we çuňňur oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk derejesine möhüm üns berýär.

Ýaşlar we ösen tehnologiýa

Döwrümiz ylmy ösüşleriň we täze tehnologiýalaryň asyry hasaplanylýar. Dünýä ylmynda haýran galdyryjy açyşlaryň, täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy islendik döwletiň ylym-bilim pudagynyň bu ösüşler bilen aýakdaş gitmegini talap edýär. Çünki ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri yzygiderli ösüşler bilen açylýar. Ol ösüşler bolsa ösen tehnologiýalaryň – internetiň elýeterliligi bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen aýtmak gerek. öwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýän bu meselede hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gündelik durmuşymyzda köp ýeňillikler döredilýär. «Türkmenistanda 2019 ― 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna sazlaşykly goşulmagyna, jemgyýetde adamyň döredijilik ukybyny açyp görkezmäge, şeýle hem ylmy-tehniki öňegidişlikleriň gazanylmagyna düýpli itergi berdi.

2024-nji ýylda adamlaryň durmuşyny özgertjek tehnologiýalar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçuset tehnologiýa institutynyň hünärmenleri adamlaryň durmuşyny düýpli özgertjek tehnologiýalary atlandyrdylar. Hemmeler üçin emeli intellekt

TEKNOFEST 2024-e gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady

TEKNOFEST 2024 awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň çäklerinde guralýan iri tehnologiýa ýaryşyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady. Ýüz tutmalar 2024-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

ABŞ-da doly robotlaşdyrylan restoran açylar

Dünýädäki ilkinji doly özbaşdak robotlaşdyrylan restoran 2024-nji ýylyň başynda Kaliforniýada açylar. Ähli önümçilik amallary emeli intellekt (AI) tarapyndan dolandyrylar. Şeýle restoran açmak pikiri birbada üç amerikan kompaniýasyna – “Cali Group”, “Miso Robotics” we “PopID” şereketlerine degişlidir. “Cali Group” restoran we bölek satuw işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýöriteleşendir. “Miso Robotics” dünýäde emeli aň tarapyndan dolandyrylýan ilkinji robotlaşdyrylan “Flippy” atly dürli önümleri gowurmaga niýetlenen enjamy döretdi. “PopID” kompaniýasy bolsa, biometriki ulgam ulanyp, galtaşyksyz töleg üçin çözgütler tapýar.

Döwrebap tehnologiýalar - innowasion ösüşiň esasydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek aýratyn zerurdyr. Tehnologiýanyň islendik görnüşinden baş çykarmak bolsa häzirki döwrüň hökmany talaby bolmak bilen özboluşly çylşyrymly ulgamdyr. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň okuw işiniň hiliniň ölçeglerini we görkezijilerini toplaýan hem-de awtomatik ýagdaýda seljerýän ulgam, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 7 ugur boýunça bahalandyrma işini geçirýän ýörite sanly ulgam işe girizildi. Diýarymyzyň bilim ojaklarynyň 8-si “UI GreenMetric” agentligi tarapyndan 2023-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanan dünýäniň öňd

“Galaxy S24” we “Galaxy S24 Ultra” tanyşdyrylar

Her ýyl mälim bolşuna görä, dünýäniň “akylly” telefon bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalary “Samsung” bilen “Apple” özleriniň telefon markalarynyň täze görnüşiniň tanyşdyrylyş dabaralaryny gurnaýar. Bu hem “Samsung” hem-de “iPhone” telefonyny gowy görýänler üçin has-da möhüm bolup durýar. “Samsung” kompaniýasy “Apple” şereketiniň iň uly smartfon bäsdeşi. “Counterpoint Research” kompaniýasynyň habaryna görä, “Apple” kompaniýasynyň 16 göterim paýy bilen deňeşdirilende, dünýädäki smartfon bazaryndaky “Samsung” kompaniýasynyň paýy 20 göterime deňdir.

“Samsung” kompaniýasy 6 ýylyň dowamynda ähli kärhanasyny awtomatik dolandyrmagy maksat edinýär

“Samsung” kompaniýasy ýakyn 6 ýylyň içinde ähli önümçilik kärhanalaryny dolay awtomatlaşdyrmagy maksat edinýär. Günorta Koreýanyň çipleri öndürmek üçin adam işgärleri bolmadyk, dolulygyna awtomatiki usulda dolandyrylýan kärhanany döretmegiň taslamasyna girişdi. Bellenişi ýaly, bu zawoddaky ähli iş emeli intellekt tarapyndan dolandyrylar.

Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Sanly ulgam – döwrüň talaby

“Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir” diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek bolar

Döwrüň belent bady bilen

Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmagy durmuş bilen baglanyşdyrmak, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek wajyp meseleler bolup durýar. Ýaşlara häzirkizaman kompýuter tehnologiýalarynyň esaslaryny öwretmek hem möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenilýär. Çünki informatika we elektron hasaplaýyş maşynlary ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryna çuňňur ornaşýar, kuwwatly öndüriji güýje öwrülýär. Adam haýsy pudakda zähmet çekýändigine garamazdan, iş öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin häzirkizaman tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri bilen tanyş bolmalydyr. Informatika — bu ylmy maglumatlary, olaryň umumy häsiýetlerini we gurluşyny öwrenýän ylmyň bir pudagydyr. Şonuň ýaly hem maglumatlary ýygnamak, saklamak, gözlemek we täzeden işlemek bilen baglanyşykly bolan meseleleri adamyň dürli ugurlarda döredijilikli peýdalanmagydyr. Maglumatlaryň awtomatik işlenilişi algoritmleşdirmek, programmalaşdyrmak, kompýuterde meseleleri çözmek ýaly üç tapgyrda ýerine ýetirilýär. Şu tapgyrlaryň hersiniň üstünde aýratynlykda durup geçeliň.

Ulagyň täze nusgasy

«Mitsubishi» ýolsuz ýerde hereket edýän «Pajero Sport» kysymly ulaglarynyň täze nusgasynyň üstünde işleýär. Häzirki modeliň ilkinji gezek 2015-nji ýylda çykandygy sebäpli, onuň täze nusgasy köp wagt bäri soralýardy. «Pajero Sport» — bu adaty «Pajero» däldir. Ol geçen ýyl täze nusgasy hödürlenen ulagyň — «Triton» (häzirki «L200») pikabynyň daşky görnüşiniň binýadynda öndüriler. Şeýlelikde, ulagyň täze nusgasy birneme ulalar we has berk çarçuwasy, şeýle hem 150-den 204 at güýjüne çenli kuwwata eýe bolan 2,4 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen tapawutlanar. Mundan başga-da, modelde el bilen ýa-da 6 tizlikli awtomatik geçiriş ulgamlary birleşdirilip bilner. Täze «Mitsubishi Pajero Sport» geçen ýyl öndürilen «Toyota Land Cruiser Prado 250» bilen bäsleşer. Bu ýagdaý diňe dünýäde däl, eýsem, onuň öndürilen ýeri bolan Ýaponiýada hem şeýle bolar. «BestCarWeb» tarapyndan berlen maglumatda «Pajero Sport» modeliniň hem «Triton» markasynda bolşy ýaly, ýurduň bazarynda mynasyp ornuny tapyp biljekdigi aýdylýar. «Mitsubishi» täze «Pajero Sport» nusgasynyň Ýaponiýada satyljakdygy ýa-da satylmajakdygy baradaky gutarnykly çözgüdiň «Tritonyň» satylyş mukdary esasynda kabul ediljekdigini, ýagny ýük maşynyň üstünlikli ýerlenen ýagdaýynda, ýaponlara ýolsuz ýerden ýöreýän ulagyň hem hödürlenjekdigini mälim etdi.

Dünýäde ilkinji goşa periskop kameraly smartfon ýanwar aýynda çykar

Iki sany periskop kameralary özünde jemleýän dünýäniň ilkinji smartfonynyň resmi taýdan tanyşdyryljak senesi yglan edildi. Şeýlelikde, “Oppo Find X7 Ultra” atly täze smartfon 2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Hytaýda satuwa çykarylar.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy boýunça hünärmenler taýýarlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde işe girizilýän maglumat merkezinde bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Smartfonlaryň ýerini tutup biljek tehnologiýanyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi

“Apple” kompaniýasynyň ozalky inženerleri Imran Çaudri we Beatni Bonjorno tarapyndan esaslandyrylan “Humane” startapy täze “AI Pin” tehnologiýasynyň şu ýylyň mart aýynda çykaryljakdygyny mälim etdi. Täze önüm smartfonlaryň ýerini tutup biler. “Akylly” gülýaka – agramy bary-ýogy 54 grama deň bolan, eşige dakylýan enjamdyr. Onda 13 megapiksellik kamera, “OpenAI GPT-4” tehnologiýasy we “Microsoft” kompaniýasynyň emeli intellekt ulgamy ornaşdyrylandyr. Onuň tehniki düzümleri barada belläp geçsek, täze önümde kristal reňkli “Qualcomm Snapdragon” ulgamy, 4 gigabitlik operatiw ýat we 32 gigabitlik hem hemişelik ýat ornaşdyrylandyr. Ykjam aragatnaşygyndan we emeli intellektiň görnüşlerinden peýdalanma üçin enjamyň nomeriniň bolmagy hem-de onuň “T-Mobile” toruna birikdirilmegi wajypdyr.

“Windows 11” ulgamy ornaşdyrylan şahsy kompýuterlere emeli intellektiň düwmesi goşular

“Microsoft” kompaniýasy “Windows 11” ulgamy ornaşdyrylan şahsy kompýuterlerindäki adaty düwme klawiaturasyna üýtgeşme girizmegi maksat edinýär. Oňa aýratyn edilip görkezilen we “Copilot” çat-botyny işe girizýän düwme goşular.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça çäreler görülýär

6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurduň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, ýurtda öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde işe girizilýän maglumat merkezinde bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Sanly bilim ulgamy – döwrebap ösüşiň binýady

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, sanly bilimiň ösdürilmegi döwrebap mümkinçiliklerden habar berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özi bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär, bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda bimöçber aladalar edýär. Bilim ulgamy ýurduň ösüşini kesgitleýän esasy ulgamlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine möhüm ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçin ýurdumyzda ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olara döwrebap bilimleri özleşdirmäge ähli şertler bar. Täze taryh

Bagta ýarlyk — bagtyýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, şeýle hem raýatlara sanly ulgam arkaly döwrebap hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gullugymyzyň resmi internet sahypasy has-da kämilleşdirildi.