Ýaşlar we ösen tehnologiýa

17 Ýanwar 2024
435

Döwrümiz ylmy ösüşleriň we täze tehnologiýalaryň asyry hasaplanylýar. Dünýä ylmynda haýran galdyryjy açyşlaryň, täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy islendik döwletiň ylym-bilim pudagynyň bu ösüşler bilen aýakdaş gitmegini talap edýär. Çünki ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri yzygiderli ösüşler bilen açylýar. Ol ösüşler bolsa ösen tehnologiýalaryň – internetiň elýeterliligi bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen aýtmak gerek.

öwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýän bu meselede hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gündelik durmuşymyzda köp ýeňillikler döredilýär. «Türkmenistanda 2019 ― 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna sazlaşykly goşulmagyna, jemgyýetde adamyň döredijilik ukybyny açyp görkezmäge, şeýle hem ylmy-tehniki öňegidişlikleriň gazanylmagyna düýpli itergi berdi.

Ýagşygül REJEPOWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.