Sanly ulgam – döwrüň talaby

11 Ýanwar 2024
524

“Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir” diýilýär. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilmegini... görkezmek bolar. Emma barha elektronlaşyp barýan global dünýädäki innowasion tehnologik özgerlişikler diňe aýdylanlar bilen çäklenmeýär.