Döwrebap tehnologiýalar - innowasion ösüşiň esasydyr

15 Ýanwar 2024
509

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek aýratyn zerurdyr. Tehnologiýanyň islendik görnüşinden baş çykarmak bolsa häzirki döwrüň hökmany talaby bolmak bilen özboluşly çylşyrymly ulgamdyr.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň okuw işiniň hiliniň ölçeglerini we görkezijilerini toplaýan hem-de awtomatik ýagdaýda seljerýän ulgam, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 7 ugur boýunça bahalandyrma işini geçirýän ýörite sanly ulgam işe girizildi. Diýarymyzyň bilim ojaklarynyň 8-si “UI GreenMetric” agentligi tarapyndan 2023-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanan dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi.

Tahirjan JUMAÝEW
Çärjew etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy