Sanly bilim ulgamy – döwrebap ösüşiň binýady

6 Ýanwar 2024
467

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, sanly bilimiň ösdürilmegi döwrebap mümkinçiliklerden habar berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özi bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär, bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda bimöçber aladalar edýär. Bilim ulgamy ýurduň ösüşini kesgitleýän esasy ulgamlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine möhüm ugurlaryň biri hökmünde garalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçin ýurdumyzda ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär, olara döwrebap bilimleri özleşdirmäge ähli şertler bar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr.