Smartfonlaryň ýerini tutup biljek tehnologiýanyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi

9 Ýanwar 2024
555

“Apple” kompaniýasynyň ozalky inženerleri Imran Çaudri we Beatni Bonjorno tarapyndan esaslandyrylan “Humane” startapy täze “AI Pin” tehnologiýasynyň şu ýylyň mart aýynda çykaryljakdygyny mälim etdi. Täze önüm smartfonlaryň ýerini tutup biler.

“Akylly” gülýaka – agramy bary-ýogy 54 grama deň bolan, eşige dakylýan enjamdyr. Onda 13 megapiksellik kamera, “OpenAI GPT-4” tehnologiýasy we “Microsoft” kompaniýasynyň emeli intellekt ulgamy ornaşdyrylandyr. Onuň tehniki düzümleri barada belläp geçsek, täze önümde kristal reňkli “Qualcomm Snapdragon” ulgamy, 4 gigabitlik operatiw ýat we 32 gigabitlik hem hemişelik ýat ornaşdyrylandyr. Ykjam aragatnaşygyndan we emeli intellektiň görnüşlerinden peýdalanma üçin enjamyň nomeriniň bolmagy hem-de onuň “T-Mobile” toruna birikdirilmegi wajypdyr.