Ulagyň täze nusgasy

10 Ýanwar 2024
480

«Mitsubishi» ýolsuz ýerde hereket edýän «Pajero Sport» kysymly ulaglarynyň täze nusgasynyň üstünde işleýär. Häzirki modeliň ilkinji gezek 2015-nji ýylda çykandygy sebäpli, onuň täze nusgasy köp wagt bäri soralýardy. «Pajero Sport» — bu adaty «Pajero» däldir. Ol geçen ýyl täze nusgasy hödürlenen ulagyň — «Triton» (häzirki «L200») pikabynyň daşky görnüşiniň binýadynda öndüriler. Şeýlelikde, ulagyň täze nusgasy birneme ulalar we has berk çarçuwasy, şeýle hem 150-den 204 at güýjüne çenli kuwwata eýe bolan 2,4 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen tapawutlanar. Mundan başga-da, modelde el bilen ýa-da 6 tizlikli awtomatik geçiriş ulgamlary birleşdirilip bilner.

Täze «Mitsubishi Pajero Sport» geçen ýyl öndürilen «Toyota Land Cruiser Prado 250» bilen bäsleşer. Bu ýagdaý diňe dünýäde däl, eýsem, onuň öndürilen ýeri bolan Ýaponiýada hem şeýle bolar. «BestCarWeb» tarapyndan berlen maglumatda «Pajero Sport» modeliniň hem «Triton» markasynda bolşy ýaly, ýurduň bazarynda mynasyp ornuny tapyp biljekdigi aýdylýar. «Mitsubishi» täze «Pajero Sport» nusgasynyň Ýaponiýada satyljakdygy ýa-da satylmajakdygy baradaky gutarnykly çözgüdiň «Tritonyň» satylyş mukdary esasynda kabul ediljekdigini, ýagny ýük maşynyň üstünlikli ýerlenen ýagdaýynda, ýaponlara ýolsuz ýerden ýöreýän ulagyň hem hödürlenjekdigini mälim etdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.