Döwrüň belent bady bilen

10 Ýanwar 2024
587

Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmagy durmuş bilen baglanyşdyrmak, okuwçylary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň döredijilikli pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek wajyp meseleler bolup durýar. Ýaşlara häzirkizaman kompýuter tehnologiýalarynyň esaslaryny öwretmek hem möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenilýär. Çünki informatika we elektron hasaplaýyş maşynlary ynsan durmuşynyň ähli ugurlaryna çuňňur ornaşýar, kuwwatly öndüriji güýje öwrülýär. Adam haýsy pudakda zähmet çekýändigine garamazdan, iş öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin häzirkizaman tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri bilen tanyş bolmalydyr.

Informatika — bu ylmy maglumatlary, olaryň umumy häsiýetlerini we gurluşyny öwrenýän ylmyň bir pudagydyr. Şonuň ýaly hem maglumatlary ýygnamak, saklamak, gözlemek we täzeden işlemek bilen baglanyşykly bolan meseleleri adamyň dürli ugurlarda döredijilikli peýdalanmagydyr. Maglumatlaryň awtomatik işlenilişi algoritmleşdirmek, programmalaşdyrmak, kompýuterde meseleleri çözmek ýaly üç tapgyrda ýerine ýetirilýär. Şu tapgyrlaryň hersiniň üstünde aýratynlykda durup geçeliň.

Risalat SYDDYKOWA,
Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.