Bagta ýarlyk — bagtyýarlyk

4 Ýanwar 2024
531

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, şeýle hem raýatlara sanly ulgam arkaly döwrebap hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gullugymyzyň resmi internet sahypasy has-da kämilleşdirildi.   

Kakajan NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.