ABŞ-da doly robotlaşdyrylan restoran açylar

15 Ýanwar 2024
549

Dünýädäki ilkinji doly özbaşdak robotlaşdyrylan restoran 2024-nji ýylyň başynda Kaliforniýada açylar. Ähli önümçilik amallary emeli intellekt (AI) tarapyndan dolandyrylar.

Şeýle restoran açmak pikiri birbada üç amerikan kompaniýasyna – “Cali Group”, “Miso Robotics” we “PopID” şereketlerine degişlidir. “Cali Group” restoran we bölek satuw işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýöriteleşendir. “Miso Robotics” dünýäde emeli aň tarapyndan dolandyrylýan ilkinji robotlaşdyrylan “Flippy” atly dürli önümleri gowurmaga niýetlenen enjamy döretdi. “PopID” kompaniýasy bolsa, biometriki ulgam ulanyp, galtaşyksyz töleg üçin çözgütler tapýar.