Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşiň özeni

12 Ýanwar 2024
422

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem üstünlikli amala aşyrylýar.