"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Beýik gymmatlyk hem ählumumy taglymat

Taryha ser salanymyzda, merdana halkymyzyň goňşy halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barandygynyň şaýady bolýarsyň. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk netijesinde emele gelen gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna getiripdir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyza Bitaraplyk derejesiniň berilmegi bilen, bu gatnaşyklar täze basgançaklara çykdy. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän birek-biregi hormatlamak, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşmak ýaly milli ýörelgeleri bitaraplyk syýasatymyzda öz beýanyny tapýar.  Gün-günden ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň alyp barýan syýasatynyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek gerek. ªunuň ýaly ynsanperwer işleriň netijesinde döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň beýgelmegi bizi has-da buýsandyrýar. Bitaraplyk hukuk derejämizi alanymyzdan bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň dünýä we sebit möçberinde geçiren işleri, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler döwletimiziň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär. 

Berkararlygyň baky binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. Bu gün biz Halkara Bitaraplyk gününi uly dabaralar bilen garşylaýarys. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni ugurlarda gatnaşyklary berkidýär. Köp asyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardy. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga hem-de berkitmäge, ykdysady, söwda, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär.

Belentden ýaňlanýan bagtyýarlyk aýdymy

Berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň täze derejelere çykýandygy ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň rowaçlanyp, halkara gatnaşyklarda täze sahypalaryň ýazylmagynda aýdyň görünýär. Ata Watanymyzyň parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda dostlugy, doganlygy berkitmek babatda ýöredýän daşary syýasaty umumadamzadyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlykda ýöredýän daşary syýasaty bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Her bir geçýän gün bizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna ýakynlaşdyrýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy barada aýdylyp: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenip geçilýär. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul etdi. Munuň özi ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgelerimiziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändigini we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subu

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylarymyz işjeň gatnaşyp, olar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we maketlerini hödürlediler.

Bitaraplyk — bu biziň bagtly dünýämiz

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ahyrlap gelýär. Bu ýyl özüniň ösüş-özgerişleri, şanly wakalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň altyn şuglalaryndan barha nurlanýar. Mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günden başymyzyň täji, eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçer. Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň özüniň erk-ygtyýarynyň meýletinlikde saýlap alan ýol-ýörelgesiniň miwesidir. 1995-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan döwletine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi, şeýle hem bu derejäniň ikinji gezek hem ykrar edilmegi Türkmenistan döwletine bildirilen uly ynamdyr. Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara-hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy onuň ähli ýurtlar bilen deňhukukly halkara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegini üpjün etdi. Ýurdumyza öz içerki hem-de halkara ösüşini amala aşyrmagyň bütinleý täze ýollaryny açmaga örän giň mümkinçilikler döretdi. Şeýle bolansoň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy häzirki taryhy döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.

Garaşsyzlyk — ruhy galkynyş bady, Bitaraplyk — baky bagtyň binýady

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly. Bu ýylda eziz Diýarymyzda Garaşsyz özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip gelýändigine 32 ýyl doldy. Şol ýyllaryň dowamynda Garaşsyzlygyny alyp galkynan, hemişelik Bitaraplygyny alyp beýgelen Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapada bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny älem-jahana aýan etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu gün ygtybarly, açyk hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde halkara ykrarýete eýe boldy. Ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam basýan ýurduň gazanan üstünlikleri bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny hem jöwher paýhasyny tutuş dünýä äşgär etdi. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk ýaşlar şäheri — Arkadag şäheri hem aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Gazanylan beýik üstünlikleriň ählisiniň aňyrsynda bolsa,

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

Parahatçylygyň güwänamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Bu ajaýyp wakalaryň gözli şaýady bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny, asudalygyny, erkana durmuşyny görýäris. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda baky bagtyň gujagynda ýaşaýar. Bitaraplygyň nyşany hökmünde zeýtun baldajygy ýerleşdirilen Döwlet baýdagymyz bu gün ýaşaýşyň, ýaşlygyň, berkararlygyň hem-de gülläp ösüşiň ajaýyp beýany bolup parlaýar. Ol milletimiziň agzybirligini, erkinligini, hemişelik Bitaraplygyny dünýä ýaýýar.

Özgerýär Bitarap Watan

Ýakynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda şeýle şygar astynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony döwlet edaralary işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşi we orta hünär okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Duşuşyga il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halypa mugallymlar, talyp ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Täsirli geçen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň barha ilerleýän içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň halkara giňişligindäki işjeňligi, milli hem-de bitaraplyk ýörelgelerimiziň sazlaşykly bitewüligi, halkymyzyň eşretli durmuşy, ýaşlar we döwür dogrusynda çykyşlar edildi. Türkmen Bitaraplygy hakyndaky baý mazmunly çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň BAE we Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparlarynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty – parahatçylygyň hem-de jebisligiň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 28 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bitaraplyk - munuň özi milletiň ähli içerki ruhy durmuşynyň, ýaş döwletiň daşary syýasat ugrunyň tebigy we kanuny ösüşidir, şol ugur bolsa halkara syýasy gatnaşyklarynda öz ornuna düşünmegi türkmen halkynyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklar baradaky taryhy däplerini birleşdirdi. Türkmenler owalda-ahyrda belent adamkärçilik sypatlaryny tug edinip, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup gelipdir. Dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, abraýly halkara guramalaryna agza bolmak bilen Türkmenista

Parahatçylygyň belent ykrarnamasy

Türkmenistan özbaşdak ösüş ýoluna gadam basan ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyzyň daşary syýasaty hyzmatdaşlygyň berkarar edilmeginde, bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Bu gün parahatçylyk söýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Bitaraplyk düşünjesi giň mana eýe bolup, onda adamzadyň uzak taryhyň dowamynda döreden parahatçylyk söýüjilik ýoly, halkara we döwletara gatnaşyklarynyň möhüm guraly hem-de ýurduň halkara hukuk ýagdaýyny kesgitleýän syýasy ýörelge jemlenendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolan 71-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi taryhy waka boldy. Bu bolsa geçen ýyllaryň dowamynda toplanan tejribeler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň netijeliligini subut etdi.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly toýy mynasybetli baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Olara bagtdan paýly ildeşlerimiz ruhubelentlikde gatnaşýarlar. GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Ak daňlaryň rysgal bolup atany, Türkmenistan — Bitaraplygyň Watany!» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat köp adamly boldy. Welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler

Dost-doganlygyň baýramy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymat hökmünde halkymyzyň durmuşyna pugta ornaşdy. Türkmen halky indi 28 ýyl bäri hemişelik Bitaraplygyň eçilen eşretleri bilen ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Ýene-de sanlyja günden bolsa Halkara Bitaraplyk gününi halkara derejede giňden belläp geçer. Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi.

Täzelikler

Saýat etrap çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlary hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna toý sowgatlary bilen barýarlar. Mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow öz ýolbaşçylyk edýän kirişli saz gurallary topary bilen täze aýdym-sazlary döretmek bilen toýuň dabarasyny has-da artdyrýar. Hususan-da, zehinli aýdymçy şanly senä bagyşlap, «Bitarap Türkmenistan», «Watanym» atly aýdymlary döretdi. Şonuň ýaly-da medeniýet işgärleri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Toýuň Pyragy» atly aýdymy döredip, sungat muşdaklaryna sowgat etdiler. Şu günler meşhur aýdymçy Jumamyrat Gurbanow öz topary bilen etrabyň bilim, medeniýet ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guraýar.

Şanly ösüşleriň beýany

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki «Diýar» toý mekanynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guran dabaramyzda talyplar Watanymyzyň özgertmelerini belentden wasp etdiler. Çäräniň dowamynda ildeşlerimiz hemişelik Bitaraplygymyz mynasybetli ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň durnukly ösüşi, halkara işjeňligi, dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän mynasyp orny dogrusynda nygtaldy. Agzybir halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşleriniň, däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň gönezliginde hemişelik Bitaraplygymyzyň durýandygy aýdyldy. Joşgunly aýdymlardyr tanslar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Çärä gatnaşyjylar hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň belende galmagy ugrunda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Bitaraplyk – buýsanjymyz

Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýarys. Şanly Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk türkmen halkynyň hasyl bolan arzuwydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzda we dünýäde gülläp ösüşleriň binýadydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär we äşgär edýär. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň dünýäde at-abraýyny has-da belende göterýär, ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýar.

“Bitaraplyk buýsanjymyz, berkarar döwletimiziň röwşen geljegi”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan döwletimiz içeri hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikler gazanýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda giň gerime eýe bolýan hyzmatdaşlyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklary we borçlary halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzüniň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Olaryň hatarynda iri halkara maslahatlar, metbugat hem-de köpsanly medeni we sport çäreleri bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý mejlisinde kabul edildi. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi! Munuň özi uly jemgyýetçilik seslenmesini

Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň hem-de jebisligiň merkezi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine salgylanyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar.  Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybarat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ar

Durnukly ösüşiň ygtybarly guraly

Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen Türkmenistanyň halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir. Türkmen Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, mazmuny boýunça oňyn, görnüşi boýunça hemişelik bolup durýar. Ýagny Bitaraplyk hukuk derejesi gelip çykyşy boýunça BMG-niň taryhynda ýeke-täk tejribe bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalary bilen tassyklanyldy. Mazmuny boýunça ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda alyp barýan işjeň meýillerini öz içine alýar.

Äleme ýaýylan taglym — bu türkmen Bitaraplygydyr

Şu ýazgylary başlajak wagtym birden paýtagtymyzda şu ýylyň maý aýynyň başynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeler: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat hem-de sergä gelen myhman bilen bolan duşuşyk ýadyma düşdi. Bu foruma dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşypdy. Olaryň arasynda bilermenler, maýa goýujylar, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, alymlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle-de halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, birnäçe ýörite düzümleriň wekilleridir ýolbaşçylary bardy.

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty dünýä dolýar

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň ha­ky­ky mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy se­bit­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň we goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne iter­gi ber­di. Türk­me­nis­tan gys­ga wagt­da hal­ka­ra are­na­syn­da öz­bo­luş­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ýan döw­let hök­mün­de özü­ni ta­nat­dy. Yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de 28 ýyl­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da beý­gelt­di.