Özgerýär Bitarap Watan

6 Dekabr 2023
1123

Ýakynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda şeýle şygar astynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony döwlet edaralary işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşi we orta hünär okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Duşuşyga il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halypa mugallymlar, talyp ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Täsirli geçen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň barha ilerleýän içeri we daşary syýasaty, döwletimiziň halkara giňişligindäki işjeňligi, milli hem-de bitaraplyk ýörelgelerimiziň sazlaşykly bitewüligi, halkymyzyň eşretli durmuşy, ýaşlar we döwür dogrusynda çykyşlar edildi. Türkmen Bitaraplygy hakyndaky baý mazmunly çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň BAE we Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparlarynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy.

Abdy HANGELDIÝEW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy, mugallym.