Bitaraplyk – buýsanjymyz

5 Dekabr 2023
1560

Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýarys. Şanly Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk türkmen halkynyň hasyl bolan arzuwydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzda we dünýäde gülläp ösüşleriň binýadydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär we äşgär edýär. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzyň dünýäde at-abraýyny has-da belende göterýär, ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyrýar.