Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly toýy mynasybetli baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Olara bagtdan paýly ildeşlerimiz ruhubelentlikde gatnaşýarlar.
GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Ak daňlaryň rysgal bolup atany, Türkmenistan — Bitaraplygyň Watany!» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat köp adamly boldy. Welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler