Parahatçylygyň güwänamasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly ösüş-özgerişlere beslenýär. Bu ajaýyp wakalaryň gözli şaýady bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny, asudalygyny, erkana durmuşyny görýäris. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda baky bagtyň gujagynda ýaşaýar. Bitaraplygyň nyşany hökmünde zeýtun baldajygy ýerleşdirilen Döwlet baýdagymyz bu gün ýaşaýşyň, ýaşlygyň, berkararlygyň hem-de gülläp ösüşiň ajaýyp beýany bolup parlaýar. Ol milletimiziň agzybirligini, erkinligini, hemişelik Bitaraplygyny dünýä ýaýýar.