Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ahyrlap gelýär. Bu ýyl özüniň ösüş-özgerişleri, şanly wakalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň altyn şuglalaryndan barha nurlanýar. Mähriban halkymyz ýene-de sanlyja günden başymyzyň täji, eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçer. Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň özüniň erk-ygtyýarynyň meýletinlikde saýlap alan ýol-ýörelgesiniň miwesidir. 1995-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan döwletine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi, şeýle hem bu derejäniň ikinji gezek hem ykrar edilmegi Türkmenistan döwletine bildirilen uly ynamdyr.
Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara-hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy onuň ähli ýurtlar bilen deňhukukly halkara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegini üpjün etdi. Ýurdumyza öz içerki hem-de halkara ösüşini amala aşyrmagyň bütinleý täze ýollaryny açmaga örän giň mümkinçilikler döretdi. Şeýle bolansoň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy häzirki taryhy döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy.