Berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň täze derejelere çykýandygy ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň rowaçlanyp, halkara gatnaşyklarda täze sahypalaryň ýazylmagynda aýdyň görünýär. Ata Watanymyzyň parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda dostlugy, doganlygy berkitmek babatda ýöredýän daşary syýasaty umumadamzadyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlykda ýöredýän daşary syýasaty bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Her bir geçýän gün bizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyna ýakynlaşdyrýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy barada aýdylyp: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik hukuk ýagdaýyna eýedir» diýlip bellenip geçilýär.
Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul etdi. Munuň özi ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgelerimiziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändigini we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.