Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen Türkmenistanyň halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir.
Türkmen Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, mazmuny boýunça oňyn, görnüşi boýunça hemişelik bolup durýar. Ýagny Bitaraplyk hukuk derejesi gelip çykyşy boýunça BMG-niň taryhynda ýeke-täk tejribe bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalary bilen tassyklanyldy. Mazmuny boýunça ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda alyp barýan işjeň meýillerini öz içine alýar.