Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly. Bu ýylda eziz Diýarymyzda Garaşsyz özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip gelýändigine 32 ýyl doldy. Şol ýyllaryň dowamynda Garaşsyzlygyny alyp galkynan, hemişelik Bitaraplygyny alyp beýgelen Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapada bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny älem-jahana aýan etdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu gün ygtybarly, açyk hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde halkara ykrarýete eýe boldy. Ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam basýan ýurduň gazanan üstünlikleri bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyny hem jöwher paýhasyny tutuş dünýä äşgär etdi. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk ýaşlar şäheri — Arkadag şäheri hem aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Gazanylan beýik üstünlikleriň ählisiniň aňyrsynda bolsa, halkymyzy galkyndyran Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk bagty bar.