Gözegçiliksiz otdan seresap boluň

22 Fewral 2021
734

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary aýawly saklamak, olarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ýaşaýyş jaýlarynda, esasan, elektrik, gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar bilen iş salşylanda, örän seresaply bolmak gerek. Gaz peçleriniň güýçli ýakylyp, olaryň golaýynda ýanyjy materiallaryň galdyrylmagy, peje tebigy gazy eltmek üçin rezin geçirijiniň çekilmegi, onuň bolsa gyzgyna eremegi netijesinde howply ýagdaýlar döräp biler. Şeýle-de ýakylan gaz peçleriniň birnäçe wagt gözegçiliksiz galdyrylmagy, pejiň ýanyjy materiallaryň üstünde oturdylmagy hem ýangyn hadysasynyň döremegine sebäp bolýar.

Täçberdi ANNANAZAROW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 366-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň ýangyn söndüriji söweşjeň bölümçesiniň müdiri, içerki gullugyň uly leýtenanty.