Aýdyň ertirimiziň ýörelgesi

22 Fewral 2021
728

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle hem milli Liderimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzyň halkara abraýy has-da artýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş ýoly bilen halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip geçiler.