Alada artýar

22 Fewral 2021
829

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aýdyň maksatnamalary rowaçlyklara beslenýär. Gujurly ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüşlere, özgerişlere, üstünliklerdir belent sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ajaýyp üstünliklere ruhlanýan ýaşlarymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny özleriniň döredijilikli zähmetleri bilen dabaralandyrýarlar.

Her bir güni şanly senelerdir taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyz täze ösüşlere barýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi biz — ýaşlary buýsandyrdy we has-da ruhlandyrdy.