Uzyn saçly gözeller

22 Fewral 2021
854

Gelin-gyzlarymyzyň enelerimizden görelde alyp, biziň şu günki günlerimize çenli gorap, saklap gelen gözellikleriniň biri-de saç bilen baglanyşyklydyr. Saçlaryň owadan, uzyn bolup, öwşün atyp durmagy her bir zenan maşgalanyň arzuwy. Durmuşa bolan höwes saçyň we bedeniň gözelliginiň ilkinji şertidir. Gelin-gyzlarymyzyň gözelligine gözellik goşup, uzyn saç olary has görmegeý, edepli görkezýär.

Şundan ugur alyp, mekdebimizde okuwçy gyzlaryň arasynda “Uzyn saçly gözeller” atly bäsleşik geçirdik. Şowhunly geçirilen çärä mekdep müdiri Ýazdursun Akyýewa we mugallymlar gatnaşdylar. Çäräniň guramaçylygyny öz üstüme aldym.