Çagalaryň söý­gü­li mult­fil­mi

22 Fewral 2021
951

Ça­ga­la­ryň uly hö­wes bi­len to­ma­şa edýän «Dur, ba­ka­ly!» mult­fil­mi­niň dö­re­di­le­ni­ne 51 ýyl dol­sa-da, ol iň söý­gü­li mult­film­le­riň ha­ta­ryn­dadyr. Mult­film 1969-njy ýyl­da «So­ýuz­mult­film» stu­di­ýa­sy­nyň re­žiss­ýo­ry Gen­na­diý So­kolsk ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Ol il­kibaş­da 3 sa­ny gys­ga sýu­žet­den yba­rat bo­lup­dyr. Mult­film­de mö­je­giň tow­şan­jy­gy yzar­laý­şy we her ge­ze­gem bir şow­suz­ly­gyň üs­tün­den bar­şy gy­zyk­ly wa­ka­la­r arkaly su­rat­lan­dy­rylýar.

Je­mi 20 bö­lüm­den yba­rat bo­lan bu mult­fil­miň bö­lüm­le­ri dür­li ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­dir. Her bö­lü­miň dür­li-dür­li ýer­ler­de, me­se­lem dü­kan­da, mu­zeý­de, se­ýil­gäh­de, sta­dion­da, met­ro­da, sirk­de su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi mult­fil­mi özü­ne çe­ki­ji ed­ýär. Onuň gy­şyň gar­ly gün­le­ri­ni su­rat­lan­dyr­ýan we tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan bö­lüm­le­ri has-da gy­zyk­ly. Tä­ze ýyl ag­şa­my bel­le­nil­ýän bö­lü­min­de mö­je­giň we tow­şan­jy­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Aýaz­ba­ba­nyň we Gar­pa­my­gyň» aý­dy­my ýö­ri­te şu mult­film üçin ýa­zy­lyp­dyr. Gah­ry­man­la­ra bel­li akt­ýor­lar Ana­to­liý Pa­pa­now we Kla­ra Rum­ýa­no­wa ses be­rip­dir­ler.

In­ter­net mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da taý­ýar­lan Söh­bet NURMUHAMMEDOW,
Sa­ýat et­ra­byn­da­ky 6-njy or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy.