Belent üstünliklere ruhlandyrýar

21 Fewral 2021
693

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere, üstünliklere beslenýär. Köptaraply özgertmeler bilen öňe barýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk taryhy seneleriniň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly-da täsirli, ýatda galjak ajaýyp wakalara beslenýär.

Ýakynda hem halkymyzy, aýratyn-da biziň uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyplaryny begendiren waka boldy. Hormatly Prezidentimiz hemişe päk zähmeti bilen öz ugrundan köp işleri bitiren adamlara hormat goýup, mynasyp atlary dakýar. Ine, şeýle asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerim bilen ösdürmekde we toplumyň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen uniwersitetimize Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy. Bu taryhy waka biziň her birimizi diýseň begendirdi we ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ak ýürekden zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy. Garaşsyz Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary bilen birlikde nebitgaz senagatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň ilkinji aýy-da möhüm taryhy wakalara badalga berilmegi bilen başlandy. Olaryň esasylarynyň biri-de, Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegidir. Şu ýerde bilelikdäki tagallalar netijesinde Hazar deňzinde uglewodorodlara baý bolan ýatagyň özleşdirilmegine ilkinji gezek girişilýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Bu ugurda möhüm resminama gol çekilmegi, bu babatda ylalaşyk gazanylmagy iki döwletiň hem ykdysadyýetine oňaýly täsir eder we özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar.

Serdar GELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.