Ýeňişli menziller

19 Fewral 2021
755

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen ili Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüşli ýoly ynamly külterläp, bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler guwanjyňa guwanç goşýar. Bularyň hemmesi Arkadag Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatynyň tutumly işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde gaz senagaty möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn artýar. Şeýlelikde, mawy ýangyjy daşary bazarlara eksport etmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Soňky ýatlanlarymyza gurlup, ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, gurluşygy tamamlanmagyna barha az wagt galýan Türkmenistan — Owganystan — — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijilerini görkezmek bolar. Halkara ähmiýetli bu iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň tebigy gazy eksport etmekdäki tutumly işleriniň ýylsaýyn rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.