Maslahat — duşuşyklar geçirilýär

19 Fewral 2021
653

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda-da ýeňişli menziller rowaç alýar. Munuň bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy guwandyrýar. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek.

TMÝG-niň etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli etrapdaky orta mekdeplerde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny giňişleýin düşündirmek maksady bilen milli ýörelgelerimizi, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlara düşündirmek boýunça terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.