Diplomatik gullugyň kanunçylyk esaslary berkidilýär

18 Fewral 2021
983

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Döwletimiziň diplomatik wekilhanalary bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň yzygiderli hem-de giň gerimli işleriniň guwandyryjy netijelerine biz her gün şaýat bolýarys we tüýs ýürekden buýsanýarys.

Diplomatik gulluk — bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi bolup durýar. Bu ugurdaky işler degişli kanunçylyk kadalary esasynda alnyp barylýar. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny, çäk bitewüligini we serhediniň mizemezligini, onuň halkara giňişlikde we beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de beýleki bähbitlerini goramagy diplomatik serişdeler we usullar arkaly üpjün etmek, Türkmenistanyň Bitaraplygyny berkitmek, halkara bileleşigiň agzasy hökmünde ählumumy we sebit meselelerini çözmekde onuň tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam bermek, döwletimiziň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen diplomatik hem-de konsullyk gatnaşyklaryny amala aşyrmak diplomatik gullugyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň başlygy.