Ýerasty jaýlar

17 Fewral 2021
937

Şweýsariýada baýyrlyk ýerde gurlan ýerasty jaýlar landşaft bilen häzirki zaman binagärliginiň sazlaşygynyň önümi bolup durýar. Olara başgaça “Peter Weçiň jaýlary” hem diýilýär. 90 sany ýerasty jaý belli şweýsar arhitektory Peter Weçiň taslamalary esasynda gurlandyr. Olaryň diňe öň tarapy açyk bolup, üsti toprak we ösümlikler bilen örtülendir. Jaýlaryň ýokarsynda dury bolmadyk aýnadan penjire goýlup, aşagynda-da awtoduralga ýerleşýär. Agaç işleri berk dub agajyndan edilendir. Olar sowukdan, yssydan, ýel-ýagmyrdan goraýar. 4-7 otagly jaýlarda gönüburçlar ýokdur. Olarda ýaşamak üçin ähli döwrebap şertler döredilipdir. Hünärmenler jaýlaryň ekologiýa taýdan amatlydygyny bellemek bilen, energiýany netijeli peýdalanmakda hem ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar. 

Jaýdan çykanyňda, baýyrlyk meýdanyň gözellikleri  hem haýrana goýýar.