Zenan mertebesine mynasyp sarpa

17 Fewral 2021
882

Zenan mertebesine, onuň maşgaladaky we jemgyýetdäki ornuna taryhyň gadymy döwürlerinden bäri çäksiz hormat goýulýar. Häzirki eşretli zamanamyzda — hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli gözelligi we mähremligi özünde jemleýän zenan maşgalalaryň sylag-sarpasy has-da belent tutulýar. Milli Liderimiziň zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna, önümçilige işjeň gatnaşyp, ukyp-başarnygy, nusga alarlyk görüm-göreldesi bilen güneşli Diýarymyzyň düýpli özgermegine goşýan goşantlaryna ýokary baha bermegi, şeýle hem hemmetaraplaýyn goldamagy olaryň göwünlerini ganatlandyryp, kalplaryny joşdurýar.

Muňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda aýdyň göz ýetirdik. Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige ähli etrapdyr şäherlerden gelen gelin-gyzlaryň 20-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertine görä ýedi ugur boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.