Giň dünýäniň geň habarlary

15 Fewral 2021
943

Ýiten şalygyň yzlary

Arheologlar Türkiýäniň Konýa sebitinde ýerleşýän Türkmen-Karahöýük atly ägirt uly gorganda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Şonuň netijesinde, bu ýerden ýiten gadymy şalygyň yzlary tapyldy. Hünärmenler dowamly geçiriljek gazuw-agtaryş işleri bu hökümdarlyk hakynda anyk maglumatlary berer diýip hasaplaýarlar. Ilki şol töwerekde ekin meýdanlary üçin aryk gazylýan mahaly tötänden täsin ýazgyly äpet daş tapylýar. Onuň ýüzündäki ýazgylaryň bürünç we demir asyryna degişlidigi anyklanyldy. Çikago uniwersitetiniň hünärmenleri haty öwrenip, onuň biziň eýýamymyzdan 3 müň ýyl ozal Frigiýa döwletiniň Anadoly hökümdarlygynyň üstünden gazanan ýeňşiniň hormatyna dikilendigini anykladylar. Geçirilen lingwistik barlaglar ieroglifleriň Frigiýanyň hökümdary Midasyň döwrüne degişlidigini çak etmäge mümkinçilik berýär. Paýtagt bolandyr diýlip hasaplanýan gadymy gorgan gülläp ösen döwründe 120 gektar meýdany eýeläpdir. «Biz Ýakyn Gündogar sebitiniň demir asyry barada täze maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolduk» diýip, degişli hünärmenler gürrüň berýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Gurban GURBANOW.