Wagyz-nesihat duşuşyklary

11 Fewral 2021
1081

Ýakynda «Ahalmiwe» oba hojalyk senagat birleşiginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Raýatlaryň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksadyndan ugur alnan maslahat welaýat häkimliginiň ýörite meýilnamasyna laýyklykda guraldy. Oňa ady agzalan oba hojalyk senagat birleşiginiň işçi-hünärmenleri gatnaşdylar.

Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden ybarat bolan wagyz-nesihat toparynyň agzalary maslahatda täsirli çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşýandygy, ata Watanymyzda raýatlaryň has-da eşretli günlerde ýaşamaklary ugrunda guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň etdiler.