Çaýçorba

10 Fewral 2021
1037

Gahryman Arkadagymyzyň halk hakyndaky aladasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe göwün islän iýmitiňden haýyrlanmaga doly mümkinçilik bar. Hudaýa şükür, bolçulyk, abadançylyk. Sähel salymda owkady bişirmäge gaz plitalary, tok bilen işledilýän hil-hil enjamlar, gazan-taganlar... öý bikeleriniň gol astynda dur. Enelerimiziň, maşgalalarymyzyň, aýal doganlarymyzyň öňki döwürde gören gözgyny durmuşyny, isleseň-islemeseň, ýatlamaly bolýar. Ýaşaýanyň gyşyna sowuk, tomsuna yssy ýegşerilip oturan gara öýdür. Onda ne gaz bardyr, ne-de tok. Üstesine-de agşamlygyňy tapsaň, ertirligiň gara görgüdir. Ýöne ötenlerimiz şol ýeter-ýetmez durmuşda hem her edip, hesip edip, owkatdan, esasan hem, ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä?

Hawa, ol owkada «çaýçorba» diýilýär. Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne onuň ýüzündäki suwuň durlanyp duran suwuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmagyny gazanardylar. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa «düýekäse» diýýänlerem bardy, «pyýala» diýýänlerem. ªol käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, işdäsiniň alşyna görä, gant bilen mal ýagyny atardy. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowudyr. Oňa dogralýan çöregiň mukdary dogrusynda aýdanymyzda bolsa, çümhörekler-ä onuň bir käsesinden kanagatlanardylar, iýermenler bolsa pyýalany 2-3 gaýra çörekden doldurman «doýdum» diýmezdiler.

Hojagylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.