Döwletlilik taglymaty dünýä nusgalyk

10 Fewral 2021
969

Jemgyýetiň ösüşindäki demokratik ýörelgeler milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürüldi. Munuň özi bu ugurdaky düýpli özgertmeleriň esasyny goýdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasy işini ykdysady özgertmeleriň we medeni-durmuş ulgamynyň ösüşleriniň esaslaryny goýýan kanunlary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge gönükdirdi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda täze kanunlar kabul edildi, öňden hereket edýänleriniň üsti üýtgetmeler we goşmaçalar bilen doldurylyp duruldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda gazanylan oňyn netijeler ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynyň barha kämilleşýändigine anyk subutnamadyr.

Aziz NARBAÝEW,
Çärjew etrap salgyt bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.