Üns beriň, bäsleşik!

5 Fewral 2021
836

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär.

Döredijilik bäsleşikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda gol çeken «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegini giňden şöhratlandyrmak maksady bilen guralýar.