Kitaby sesli okasaň...

5 Fewral 2021
1039

Şahsy kämillik bilen bagly makalalaryň belli bir bölegi «çalt okamak» diýlen düşünjäniň ähmiýetine syrygýar. Dogry, çalt okamak endiklerini özleşdirmek bize kän zady gazandyryp biler. Ýöne çalt okalmaly kitaplar bilen haýal okalmalylaryň arasynda tapawut bar. Mysal üçin, çeper eserleri çalt okanymyzyň, başgaça aýtsak, setirleriň arasyna göz gezdirenimiziň uly bir zyýany hem ýok. Şeýdip hem eseriň mazmun yzygiderliligine düşünip bileris. Ýöne synaglara taýýarlanylanda, öýe berlen ýumuşlar ýerine ýetirilende ýa-da haýsydyr bir ders bilen bagly täze maglumatlar öwrenilende, mümkin boldugyndan, howlukman okamak maslahat berilýär. Onda-da sesli okamak.

Eger ýokarda aýdylanlar bilen bir otagda ýeke özüňiz meşgullanýan bolsaňyz, kitaby sesli okaň! Özi-de howlukman okasaňyz has gowy. Dogry, siz ertire çenli birnäçe sahypany okap, özleşdirmeli bolup bilersiňiz. Ýöne şonça sahypalyk maglumata çeper eser okanymyzdaky ýaly ýüzleý göz gezdirip çykmak bilen, sesli hem haýal okamagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Yklym AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.