Maksat — saýlawlary guramaçylykly geçirmek

4 Fewral 2021
907

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlygyň çäginde okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüljek nobatdaky saýlawlara taýýarlykly barmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen guralan okuw maslahatyna ýerli saýlaw toparlarynyň işgärleri, welaýat halk maslahatynyň agzalary, milli synçylar, şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Okuw maslahatynyň gün tertibi boýunça, ilki bilen, Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi Annadurdyýewiň çykyşy diňlendi. Ol çykyşynda şu ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we salasalyşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsümiň yglan edilendigini belläp, öňde duran saýlawlary degişli kanunçylyga laýyklykda guramaçylykly geçirmekde taýýarlyk işleriniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, häzirki günlerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ykjam taýýarlyk görülýär.Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda» Karary, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky Karary saýlawlary geçirmek üçin esas bolup durýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara elli gün galanda başlanyp, ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar. Has takygy, dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 6-njy fewralynda başlanýar, 2-nji martynda bolsa tamamlanýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri Merkezi saýlaw topary bellige alýar. Bellige almak saýlawlara 45 gün galanda başlanyp, 20 gün galanda tamamlanýar. Has anygy, dalaşgärleri bellige almak fewral aýynyň 11-ine başlanýar we mart aýynyň 7-sine tamamlanýar. Saýlawlar gününe çenli otuz ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.