Wagyz-nesihat edilýär

4 Fewral 2021
893

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak babatdaky tagallalardan ugur alnyp, Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli ýagdaýda geçirilýär. Etrap häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligi hem gazanylýar. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde işjeň ýagdaýda guralýan wagyz-nesihat duşuşyklary hem bu hakykaty aýdyň ýüze çykarýar.

Duşuşyklarda çykyş edenler okuwçy ýaşlara we mugallymlara sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip, mekdepde we öýde sahşy gigiýenanyň talaplarynyň berjaý edilmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň we arassa howada gezim etmegiň saglyga oňyn täsir edýändigi barada gürrüň berdiler, şeýle-de köpçülik ýerlerinde kesgitlenen aralygy saklamak şertini berjaý etmegiň, lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmagyň ähmiýetini düşündirdiler. Şeýle mazmunly düşündiriş işleri geňeşlikleriň ýaşaýjylarynyň arasynda hem geçirilýär.

Tumar JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.