Älem gözelligini özünde jemlän

22 Ýanwar 2021
1674

Ynha, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbine aýratyn bezeg beren, milli binagärligi, döwrebap keşbi bilen göreni haýran edýän täze döredijilik merkeziniň «Jahan» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly manysy bar. «Jahan» diýlende, eýýäm göz öňüňe älem giňişligi gelýär. Onda ýaşaýyş bar, ol adamzat durmuşynyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýär. Älem gözelligini özünde jemleýän ol ajaýyplyklar bolsa, ilkinji nobatda, asuda hem parahat ýaşaýyş, sagdyn durmuş üçin zerur.

Merjen şäherimiziň iň gözel künjeginde gurlan bu döredijilik merkezine aýlananymyzda, biz onuň mysalynda mähriban Arkadagymyzyň amal edýän işleriniň ählisinde ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek, sagdyn jemgyýeti döretmek meselesiniň esasy orunda durýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. «Jahan» döredijilik merkezi ýaş nesliň döwrebap terbiýesiniň, döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi bilen birlikde, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagynda-da möhüm ähmiýetlidir. Onda döredilen aňrybaş şertler ýurdumyzda döredijiligiň dürli ugurlaryndan zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna, olaryň diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine-de gatnaşyp, baýrakly orunlary almagyna itergi berer.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşürenler Ahmet TAŇRYGULYÝEW, Maksat AKMÄMMEDOW.