Täsirli geçen duşuşyk

13 Sentýabr 2024
59

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Bäherden etrabynda geçirilýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çärelerine ýaşlar höwes bilen gatnaşýarlar. Etrapdaky 30-njy orta mekdepde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda hem okuwçy ýaşlaryň işjeňligi turuwbaşdan duýuldy.

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň, etrap bilim bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran duşuşygynda ýurdumyzy gurşap alan ösüş-özgertmeler, ýaşlar hakynda edilýän alada dogrusynda gürrüň edildi, döwrebap keşbe beslenýän ýollarda hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigi hakda aýdyldy. Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini, kadalaryny doly we dogry berjaý etmek bilen bagly aýdylan öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

Döwletnazar BABANAZAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.